logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Dünýäniň ilatynyň 8 milliard bolmagyna 3 gün galdy!
  12.11.2022
1236
Dünýäniň ilatynyň 8 milliard bolmagyna 3 gün galdy!

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan taýýarlanan hasabatda dünýä ilatynyň 15-nji noýabrda 8 milliarda ýetjekdigi mälim edildi.

Hasabatda dünýä ilatynyň ýakyn ýyllarda haýsy derejelere ýetjekdigini hem mälim etdi. 2023-nji ýylda, 1 milliard 412 million ilat bolan Hindistanyň, 1 milliard 426 million ilatly Hytaýy geçmegine garaşylýar. 2050-nji ýylda Hindistanyň ilatynyň 1 milliard 668 million, Hytaýyň ilatynyň bolsa 1 milliard 317 million boljakdygy çaklanylýar. 

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan taýýarlanan hasabat: 

- 2030-njy ýylda 8,5 milliard adam;
- 2050-nji ýylda 9,7 milliard adam;
- 2080-nji ýylda 10,4 milliard adam.