Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Golden Yarn: Haly önümçiligi üçin polipropilen ýüplükleriniň orny ✦ ✦ Boýbodran ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyşy ✦ ✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦ ✦ Wegatatiw status we onuň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň geljekde nä derejede zerur bolar? ✦ ✦ Neýron tor ulgamlary näme? ✦ ✦ Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär ✦ ✦ Türkmenistanda IFT 2025 halkara forumy geçiriler ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýäniň buz myhmanhanalary
  24.12.2022
793
Dünýäniň buz myhmanhanalary

Dünýä ýüzünde meşhur bolan myhmanhanalaryň bi­ri-de buz myh­man­ha­na­la­ry­dyr. Buz myh­man­ha­na­la­ry gyş­ky möwsümde gowy wagt geçirmek üçin iň amat­ly ýerleriň biridir. Buz myhmanhanalary aslynda buzdan ýasalýarmy? Elbetde, şeýle myhmanhanalaryň kö­pü­si ýaz­da eräp, gyş­da ýene-de tä­ze­den gu­rul­ýanlar-da bar. Geliň, dün­ýä­niň iň go­wy buz myh­man­ha­na­la­ry­ bi­len ta­nyş bo­lalyň: 

«Ho­tel of Ice» myh­man­ha­na­sy
. Ru­my­ni­ýa­da ýerleşýän bu myh­man­ha­na­ Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da­ky il­kin­ji buz myh­man­ha­na­sy­ hasaplanylýar. 2005-nji ýyl­da Karpat dag­la­ry­nyň jüm­mü­şin­de açylan bu ýer her ýyl üýtgeşik keşbe eýe bolýar. Myh­man­ha­na dagyň iň uly buz­luk kö­lünden al­nan gar we buz bö­lek­le­rin­den gurulýar. Buz bö­lek­le­ri­niň uzynlygy 70 san­ti­met­re, ag­ra­my 28 kilogram tö­we­re­gi bol­ýar. Gurluşygy bir aý wagt dowam edýän bu myhmanhana 8 müň töweregi myhmanlary kabul edýär. 

«Snow Vil­la­ge» myh­man­ha­na­sy. Finl­ýan­di­ýada ýerleşýän bu myh­man­ha­na­ny gurmak üçin her ýyl 15 müň ton­na gar peýdalanyl­ýar. Bu buz myhmanhanasy 30 orunlyk bolup, otag­lar­ynda­ky tem­pe­ra­tu­ra -2 bi­len -5 derejede­ saklanýar. 

«Iceho­tel» myh­man­ha­na­sy. Şwe­si­ýa­nyň Ýukkasýarwi obasynda ýer­leş­ýän bu myh­man­ha­na buz myh­man­ha­na­la­ry­nyň arasynda il­kin­ji­si­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer dün­ýä­niň iň uly buz myh­man­ha­na­sy hök­mün­de tanalýar. Myhmanhana her ýy­lyň de­kabr aýyn­dan ap­rel aýy­na çen­li 50 müň töweregi myhmanlary ka­bul ed­ýär. Der­ýa­­nyň bu­zu­ndan ki­çi­jik oba gör­nü­şin­de gur­lan des­ga­da 55 sany otag bar. Otagyň içiniň derejesi -2 ýagdaýda saklanýar. 

«Ig­lu» myh­man­ha­na­sy. An­dor­ra­da ýer­leş­ýän bu myh­man­ha­na­ dag gerişleriniň arasynda täsin görnüşe eýe bolýar. Bu ýerde meşhur Grand­wa­li­ra şy­pa­ha­na­sy­ hem ýerleşýär. Deňiz derejesinden 2350 metr be­ýik­lik­de ýer­leş­ýän bu myhmanhananyň bary-ýogy bäş sa­ny ota­gy bardyr. Bu ýerde ça­ga­lar we uly adam­lar üçin ge­ze­lenç et­mek, ly­ža­da we gar­da typ­mak ýa­ly gy­zyk­ly çä­re­le­r gur­al­ýar. 

«Ho­tel del Glace» myh­man­ha­na­sy. Ka­na­da­da ýerleşýän bu myh­man­ha­na­ De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa golaýdyr. Myhmanhananyň çägindä­ki iç­gi­ler myhmanlara ýörite buz­dan ýa­sa­lan bul­gurlar­da hö­dür­len­ýär. Ýy­ly hem-de ra­hat otag­la­ryň äh­li­sin­de bu­zy eret­me­ýän täsin daş­lar ornaşdyrylan. 

 

Kowus BAÝJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.