logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Technology /Dünýäde elektromobil satuwy rekord derejä ýetdi
  14.06.2025
782
Dünýäde elektromobil satuwy rekord derejä ýetdi

2024-nji ýylyň dowamynda dünýäde 17 milliondan gowrak elektromobil satyldy. Bu bolsa umumy awtoulag satuwlarynyň 20%-den gowragyny emele getirýär. 2025-nji ýylda bu görkeziji 20 milliondan hem geçip biler. Diýmek, satylýan her dört awtoulagdan biri elektrik energiýasy bilen işleýän bolar diýip, “Kazinform” agentligi Türkmenistanyň ykdysady barlaglar instituty (ERI) salgylanyp habar berýär. Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) maglumatlaryna görä bolsa, 2030-njy ýyla çenli elektromobiller bazaryň 40%-den gowragyny eýeläp biler.

 

Elektromobillere bolan islegiň ýokarlanmagynyň esasy sebäpleriniň biri — olaryň bahasynyň arzanlamagy. Öňler elektrik awtoulaglary benzin bilen işleýän ulaglardan has gymmatdy, emma häzirki wagtda bu ýagdaý üýtgeýär. Hususan-da Hytaýda bahalar ep-esli arzanlady. 2024-nji ýylda bu ýurtda satylan elektromobilleriň üçden iki bölegi şol ölçegdäki benzinli ulaglardan has elýeterli boldy. Bu bolsa Hytaýda çig maldan başlap, akkumulýator we awtoulag öndürilmegine çenli ähli tapgyrlaryň içerki önümçilik arkaly üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

 

Ýewropa ýurtlarynda we ABŞ-da elektromobiller entek adaty ulaglardan has gymmat bolsa-da, aratapawut kem-kemden azalmaýar. Mysal üçin, Germaniýada elektromobil ortaça adaty ulagdan 20% gymmat bolsa, ABŞ-da bu görkeziji 30% töweregindedir. Şeýle-de bolsa, elektrik awtoulaglary uzak möhletde has tygşytly hasaplanýar. Olar benzinli ulaglara garanyňda kilometr boýunça iki esse az energiýa sarp edýär. Öýde zarýad bermek hem benzin bilen deňeşdirilende has amatly bolýar. Hatda nebitiň bir barreliniň bahasy 40 dollara çenli pese düşen ýagdaýynda-da, Ýewropada elektromobil ulanmak barybir iki esse arzan düşýär.

 

Hytaý bu ösüşiň öň hatarynda barýar. 2024-nji ýylda bu ýurt 11 milliondan gowrak elektromobil satdy — bu dünýä derejesindäki satuwlaryň takmynan ýarysyna deňdir. Şeýle hem Hytaý daşary ýurtlara 1,25 million elektromobil eksport etdi. Bu eksport başga ýurtlarda hem elektromobilleriň bahalarynyň peselmegine täsir etdi. HEA-nyň çaklamasyna görä, 2030-njy ýyla çenli elektromobiller ABŞ-da hem, Ýewropada hem ýük daşamak üçin ykdysady taýdan has amatly saýlaw bolar.