logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Dünýädäki iň gysga boýly adam
  16.12.2022
2793
Dünýädäki iň gysga boýly adam

Eýranyň çetki obalarynyň birinde ýaşaýan Afshin Esmaeil Ghaderzadeh Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Sebäbi ol dünýäde ýaşaýan iň gysga boýly.

Boýy 65,24 sm bolan 20 ýaşly ýetginjek ýigit ejizligi sebäpli häzire çenli mekdebe gatnap bilmedi we agramy 120-200 gram aralygyndaky jübi telefonlaryny götermedi. Ol gysga wagtda jemgyýetiň söýgüsini gazanyp, meşhur bolmagy başardy.

Afshin – doglanda 700 gram bolup, onuň häzirki agramy 6,5 kilogramdyr. Mundan ozal dünýäde ýaşaýan iň gysga adam Kolumbiýaly 36 ýaşly Edward Niño Hernández hasaplanylýardy. Afshin ondan 7 sm gysga.

Afshin, Ginnesiň rekordlar kitabynda tassyklanan iň gysga dördünji adam bolup durýar. Afshin Esmaeil Ghaderzadeh - öňki garşydaşlary indi diri däldigi sebäpli rekordyň täze eýesi.

Ýaş ýigit obasyndan alnyp gaýdyldy we Dubaýdaky Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň boýunyň uzynlygy 24 sagatda üç gezek ölçeldi we gysgalygy tassyklandy. Afshin häzire çenli dünýäniň iň beýik binasy Burj Halifany görmegi arzuw edipdir. Onuň bu islegini Ginnesiň işgärleri amala aşyrdylar. 

 

Ylýas ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.