logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Dünýädäki iň garry adam 117 ýaşady
  08.03.2024
1105
Dünýädäki iň garry adam 117 ýaşady

Dünýäniň iň garry diri adamy Maria Branyas Morera 117 ýaşyny belledi. Morera 1907-nji ýylyň 4-nji martynda doguldy we 118 ýaşly fransuz Lucile Randon aradan çykandan soň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge hukuk gazandy.

 

117 ýaşly Morera özüniň X hasabynda şeýle sözleri paýlaşdy: "Ertiriňiz haýyrly. Şu gün men 117 ýaşadym we şu günlere geldim."

 

Morera, 122 ýyl 164 gün ýaşan fransuz zenany Jeanne Calment-iň iň garry adam rekordyny täzelemäge bir ýyl ýakynlaşdy.

 

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 117 ýaşly zenan uzak ömrüň syryny "maşgala we dostlar bilen gowy aragatnaşyk, tebigat bilen işjeň hereket, emosional durnuklylyk, aladasyzlyk, gamlanmazlyk, köp hereket we peýdasyz adamlardan uzak durmak" diýip, düşündirdi.

 

Eşidişiniň we hereketiniň pesligine garamazdan, fiziki we akyl taýdan ýagdaýy gowy bolan Morera-dan, uzak ömrüň syrlary barada has köp zat öwrenmek umydy bilen hünärmenler tarapyndan  başga-da ençeme ylmy soraglar berildi.

 

Dünýägözel ORAZGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.