logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýädäki ilkinji kosmos myhmanhanasy 2027-nji ýylda açylar
  01.04.2022
1286
Dünýädäki ilkinji kosmos myhmanhanasy 2027-nji ýylda açylar

Takmynan üç ýyl ozal başlanan gämä meňzeş kosmos myhmanhanasynyň haçan açyljakdygy mälim edildi. “Gateway Foundation” şereketi kosmos myhmanhanasynyň 2027-nji ýylda açyljakdygyny mälim etdi.

“Gateway Foundation” şereketi tarapyndan berilen beýanata görä, myhmanhana kosmosda Ýeriň atmosferasynyň üstünde ýüzer. 2019-njy ýylda meýilnamalar başlananda, bu taslama “Von Braun Station” diýlip atlandyryldy.

Kosmos myhmanhanasy 400 adam üçin niýetlenilip, emeli usulda dartyş güýji bilen üpjün ediler. Munuň sebäbi bolsa myhmanhana baranlaryň edil Ýerdäki ýaly oňaýly ýöräp bilmegi üçin bolup durýar.

Turistik myhmanhana “Voyager Station” - “Orbital Assembly Corporation” şerketi tarapyndan gurulýar. Taslamanyň uly dizaýn arhitektory Tim Alator “Dünýäde başarmadyk zatlaryňyzy başarjakdygyňyza ynanýaryn. Myhmanhanada birnäçe gyzykly oýunlar oýnalýan we dynç alynýan otaglar bolar. Myhmanhananyň naharhanasynda iýip-içýän wagtyňyz Aýy, Ýeri, uzaklardaky ýyldyzlary görüp bilersiňiz” - diýip, belleýär.

Jennet GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.