logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýädäki ikinji iň çuň suwasty gowak tapyldy
  06.05.2023
1464
Dünýädäki ikinji iň çuň suwasty gowak tapyldy

Dünýädäki ikinji çuň suwasty gowak Meksikanyň Ýukatan ýarym adasynda dünýädäki ikinji iň çuň suwasty gowak tapyldy. Bu ägirt uly suwasty gowak takmynan 900 fut (274.32 metr) we 147 müň inedördül metr (13,65675m²) meýdany tutýar.
Bu, 2016-njy ýylda ýüze çykarylan we 300 metrden gowrak çuňlugy bolan dünýädäki iň çuň suwasty gowakda Günorta Hytaý deňzindäki «Dragon Hole»-nyň rekordyny geçerden birneme pesdir. Üçünji Ming imperatorynyň adyny göterýän «Yongle mawy çukury» diýlip hem atlandyrylýan aždarha çukury, dünýäde 300,89 metr çuňlukda bolup iň meşhur mawy çukur hasaplanylýar.
Suwasty gowaklar örän iri we dik ýagdaýda bolup kenarýaka sebitlerde ýerleşýärler. Olaryň köpüsiniň düýbünde merjen, deňiz pyşbagasy we akula ýaly dürli haýwanlar we ösümlikler bar.
Maýa dilinde «çuň suw» manysyny berýän «Taam Ja» diýlip atlandyrylýan täze tapylan gowak 80 gradus eňňitli dik taraplary bar we gowagyň agzy deňiz derejesinden 15 fut (4,6 m) aşakda ýerleşýär. Meksikanyň Milli ylym we tehnologiýa geňeşi tarapyndan utgaşdyrylan jemgyýetçilik gözleg merkeziniň alymlary ony ilkinji gezek 2021-nji ýylda tapdylar. 

 

Myrat TOÝLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.