logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Technology /Dünýä belli "SAMSUNG" kompaniýasy barada
  30.03.2024
667
Dünýä belli "SAMSUNG" kompaniýasy barada

"SAMSUNG" - günorta Koreýada Li Býung Çul tarapyndan 1938-nji ýylda döredilen bir şereketdir. Häzirki wagtda dolandyryjysy Li Kun Hi kompaniýanyň "SAMSUNG" ady bilen birnäçe görnüşli önümleri öndürýändigini we hyzmatlary edýändigini aýdýar. "SAMSUNG" kompaniýasynyň iň tanymaly "SAMSUNG Electronics"-dir. Bu firma häzirki wagtda dünýä belli tehnologiki enjamlary, akylly telefonlary, telewizorlary, kompýuterleri, noutbuklary, kameralary, akylly öý enjamlaryny öndürmekligi bilen dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. 


 

Mundan başga-da kompaniýa egin-eşik sektorynda, himiýa önümlerini öndürmekde, gämi önümçiliginde hem uly işleri alyp barýar. Kompaniýa günorta Koreýada we dünýäniň birnäçe döwletlerinde Reklama agentlikleri, gurluşyk firmalary, maliýe hyzmatlary we özüniň hassahanalary bilen girdejilerini günüň-gününe artdyrmaklygyny dowam edýär. 


 

"SAMSUNG" sözi koreý dilinden terjime edenimizide  “3 ýyldyz” diýen manyny berýär we bu 3 ýyldyz “beýik, güýçli we çäksiz” diýlip düşündirilýär. Esaslyk maýasy häzirki wagtda 188,9 mlrd ABŞ dollaryna barabar bolup 350 müňden gowrak işgäri bardyr. 


 

Kompaniýanyň taryhy barada aýdanymyzda ilki-ilkiler kompaniýa daşary döwletlere kakadylan balyk, miwe we gök önümleri eksport etmek bilen meşgullanypdyr. Soňra bolsa un degirmenleri işletmek, şeker öndürmek bilen meşgullanyp öz önümçiligini has-da giňeldipdir. 1970-nji ýyllardan başlap senagat pudaklaryna, tehnologiýa maýa goýum goýup başlapdyr. 1990-njy ýyllardaky Aziýa ykdysady krizisini hiç bir kemçiliksiz ýeňip geçmegi başarypdyr. 2000-2005-nji ýyllarda rekord derejede önümçiligini giňelden kompaniýa häzirki wagtda dünýäde harytlarynyň hili boýunça 2-nji orunda barýar. Kompaniýa ABŞ-da we Ýewropada oýlap tapyşlary üçin birnäçe sylaglary hem gazanandyr. Dünýä bazarynda akylly telefonlaryň satuwynda 1-nji orny eýeleýän bu kompaniýa öz harytlarynyň bahalarynyň elýeterligi, ulanyjylaryň ähli isleglerini kanagatlandyryp bilýänligi bilen tapawutlanýar.                                                    

 

Bagtyýar ÇARYÝEW, 
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň talyby.