logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Dubaýda ilkinji robot kafe açyldy
  21.12.2022
976
Dubaýda ilkinji robot kafe açyldy

Gelýän müşderiler bilen söhbetdeşlik edip bilýän, sargytlary kabul edip bilýän ilkinji robot kafe Dubaý şäherinde açyldy. Bu kafe «Donna Cyber-Cafe» diýlip atlandyrylýar. Kafeniň çykalgasynda Gündogar Ýewropaly model Diana meşzeş «Donna» atly kassir zenan robot oturdylan. Ol müşderilere gyssagly hyzmat edip, hatda müşderiler bilen söhbet edip, surata düşüp, birnäçe başdan geçirmeleri gürrüň berip bilýär.

«Donna» - diýseň täsin we özüne çekiji bolup, hakyky adama meňzeş görnüşde döredildi. «Donna»-nyň ýüz keşbinden we hereketlerinden müşderiler robotyň duýgularyna aňsatlyk bilen düşünip bilerler we özlerini hakyky adam bilen gürleşýän ýaly duýup bilerler. Robotyň derisi silikondan, gözleri bolsa giper-realistik ýasalan. Robotyň bölekleri Russiýadan getirilip, ony ýasan adamlar hakyky zenana kybapdaş gelýän ähli häsiýetleri robotda göz öňünde tutupdyrlar. «Donna» - diýseň mylakatly, göwnaçyk we şadyýan.

Donna - «Robo-C2». Ýagny adama meňzeş, adam ýaly gürlemek, duýgulary beýan etmek we adamlar bilen aragatnaşyk saklamak üçin döredilen gumanoid robot. Roboty işläp düzüjiler, robotyň müşderileriň wepalylygyny we kanagatlylygyny ýokarlandyryp, täze müşderileri çekmäge kömek etjekdigini öňe sürýärler.

24 sagat açyk bolan bu kafede birnäçe doňdurma, alkogolsyz içgiler we dürli görnüşli kofe önümleri bar we bu önümler gelýän müşderilere hödürlenilýär. 

 

Didar KADYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.