logo

Soňky täzelikler:
✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Dubaýda ekoturizm taslamasy işe giriziler
  26.12.2023
625
Dubaýda ekoturizm taslamasy işe giriziler

Daşky gurşawy goramakdan we syýahatçylyk etmek maksady bilen Dubaý şäherinde dünýädäki iň uly emeli rifleriň biri gurlar. Rifiň kömegi bilen Dubaýyň kenarýakasynda deňiz gubkalarynyň, ustrisalaryň, mollýuskalaryň, leňňeçleriň, deňiz ýyldyzlarynyň, kirpileriniň we balyklaryň dürli görnüşleriniň täze populýasiýasy köpeler. “Dubai Reef taslamasy” 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda işe giriziler.

 

 

Bu taslamada 600 inedördül kilometr meýdanda dürli ölçegli emeli rifleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Rif modullarynyň umumy göwrümi her ýyl ýedi million tonnadan gowrak uglerod saklamak ukyby bilen 400 müň kub metrden gowrak bolar.

 

 

Emeli rifler deňiz ýaşaýjylarynyň köpsanly  görnüşleri üçin öý bolup hyzmat eder. Şeýle-de, taslama Pars aýlagy sebitindäki howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmekde aýratyn orun alar. Ol sebitiň atmosferasyna kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmakda hem möhüm rol oýnar.

 

 

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi merjen riflerini dikeltmäge, kenarýaka zolaklaryny goramaga we Dubaýyň kenarýakasynyň deňiz biodürlüligini dikeltmäge mümkinçilik berer. Bu taslama dört ýylyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar.

 

Nurmyrat Kutlyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.