logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦ ✦ Logopediýada sakawlanma - sözleýşiň giňden duş gelýän kemçilikleriniň biri ✦ ✦ Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Döwlet ýer kadastry näme?
  11.11.2023
807
Döwlet ýer kadastry näme?

Döwlet ýer kadastry ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamalary hem-de olara ykdysady baha berlişi, olaryň ýerleşýän ýeri we ölçegi, şeýle hem ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar, ýer kärendeçileri boýunça bölünişi barada hasaba alnan maglumatlaryň ýeke-täk döwlet geomaglumatlar ulgamy bolup durýar. Görnüşi ýaly, Döwlet ýer kadastry ýer baradaky ähli maglumatlary özünde jemlemek bilen, ony döwrebap usullarda, esasan hem sanly ulgamy peýdalanyp amala aşyrmak göz öňünde tutulýan esasy sepgit bolup durýar.

 


Ýurdumyzda ýer kadastryny emele getirýän döwlet ýer kadastr resminamalarynyň ýeke-täk ulgamynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Şunda döwlet ýer kadastr resminamalary esasy, kömekçi we jemleýji görnüşlerdäki toparlara bölünýär. Esasy görnüşlere ýerleriň döwlet sanawy, kadastr işleriniň kartalary, kömekçi görnüşlere resminamalary we berlen maglumatlary hasaba alyş kitaplary, jemleýji görnüşe Türkmenistan we onuň dolandyryş-çäk birlikleri boýunça ýer bölekleriniň sanawyny özünde jemleýän resminamalar, döwlet ýer hasabatlary we beýleki maglumatlar degişli bolup durýar.

 


Kadastr kartalary esasy resminamalaryň biridir. Olar döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny grafiki we tekst görnüşinde görkezýän resminamalar bolup, elektron hem-de kagyz göterijilerde birkysmy görnüşde döredilýär.

 


Käbe ARAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýer gurluşygy we kadastry taýýarlyk ugrunyň
1-nji ýyl talyby.