logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
  22.05.2023
1070
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Resminama bilen, Medeniýet ministrligi degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge;

degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

 

TDH.