Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçiriler ✦ ✦ Türkmen-horwat bilelikdäki ykdysady forumy geçiriler ✦ ✦ «Awaza» halkara forumyna giň gerimli taýýarlyk işleri dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy ✦ ✦ LLDC3 maslahatyna taýýarlyk işleri görülýär ✦ ✦ Awazada geçiriljek LLDC3 forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar ✦ ✦ Däne hasylynyň ätiýaçlygy pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ekologiýa Hereketinden Çagalar Üçin Medeniýet we Bilim Bileleşmesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy ✦ ✦ TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /«DOSTLUK»
  12.10.2022
867
«DOSTLUK»

ABŞ-nyň demirgazyk Karolina ştatyndaky awtomobil ýolunyň gyrasynda bir sany gara reňkli limuzin awtoulagy durdy. Onuň içinde uly wezipeli başlyga meňzeş bir adam otyrdy. Daşynda bolsa awtoulag bejermekden kän başy çykmaýan, çäresizlikden ýüzi çym-gyzyl bolan, sürüji eşiginde kellesi başgaply bir adam awtomobiliň kapodyny açyp durdy.

Ýoldan gaty köne model Ford kysymly awtomobil gelýärdi. Onuň içinde daýhan sypatly bir adam bardy. Bu adam awtomobilden düşüp, olaryň ýanyna gelip: «Eýgilikmi dost? Näme mesele ýüze çykdy?» - diýip, lemuzine ýakynlaşýar. Awtomobili synlanda öz awtoulagynyň meselesi ýaly däldigine we ony bejerip bilmejekdigine göz ýetirýär. «Eger mümkin bolsa men öz awtoulagym bilen siziň awtoulagyňyzy oba tarapa alyp gideýin. Bilýän bolsaňyz bu döwürde Forda taý geljek awtoulag ýok!» - diýip, daýhan öwünjeňlik bilen ýüzlenýär. «Onsoňam oba gaty bir daşam däl. Edil 15-20 minutlyk ýol!» – diýip, sözüni jemleýär. Şeýlelik bilen limuzini obanyň ussasyna çenli çekip getirýär. Soňra daýhan: «Rugsat berseňiz şu hatlary salgylaryna elteýin» - diýýär. Sürüji bolsa başlygynyň «sag bolsun» - diýip, beren çegini daýhana uzadýar. Emma daýhan çege seretmezden ony yzyna gaýtaryp berýär we şeýle diýýär: «Bu bäş günlük dünýäde bir-birimize kömek etmesek bu dünýäniň haly näme bolar.» - diýip, daýhan öz işi bilen gidýär. Awtoulagyň içindäki başlygyň ýüzi çalaja gyzarýar, emma sesini çykarmaýar.

Bu daýhan poçta hatlaryny eltmek we daýhançylyk etmek bilen gün-güzeranyny dolandyrýardy. Ine, aradan birnäçe wagt geçýär. Daýhan günleriň birinde işden öýüne ýadaw ýagdaýda gelýär. Görse öýüniň gyrasynda soňky model bir owadan awtomobile gözi düşýär we kimiň gelendigini bilmek üçin awtoulaga tarap ýakynlaşýar. Awtoulagyň içi boşdy. Ýöne awtoulagyň roluna ildirilip goýlan kagyzyň ýüzünde uly harplar bilen ýazylyp goýlan öz adyny okaýar. Hatyň yzynda bolsa şeýle sözler bardy: «Dostum eşdişime görä, Ford awtoulagyň bejerip bolmajak ýagdaýda ýatyrmyş. Bu awtomobili saňa sowgat hökmünde berýärin. Çyndan hem seniň aýdanyň dogry eken. Bu bäş günlük dünýäde bir-birimize kömek etmesek bu dünýäniň haly näme bolar!»

Bu sözleriň aşagyndan hem gol çekilipdir: Henry Ford.

 

Terjime eden: Aýşat ALLABERDIÝEWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.