logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /«Doly Aý tutulma» hadysasy Türkmenistanda 58 minut dowam eder!
  07.11.2022
1530
«Doly Aý tutulma» hadysasy Türkmenistanda 58 minut dowam eder!

Günüň, Aýyň we Ýeriň yzly-yzyna düzülmegi netijesinde emele gelýän Aý tutulma hadysady 8-nji noýabrda bolar. Muňa başgaça alymlar «Ganly Aý tutulma» hem diýýärler. Munuň sebäbi bolsa Aý tutulma hadysasynda Aý gyzgylt reňke bürenýär. Hadysa ertir Aziýadan, Awstraliýadan, Demirgazyk we Günorta Amerikadan we Demirgazyk we Gündogar Ýewropanyň käbir sebitlerinden syn etmek mümkin bolar. Ýylyň iň soňky astronomiki hadysasy boljak bu «Ganly Aý tutulma» hadysasy 2025-nji ýyla çenli gaýtalanmaz.

«Doly Aý tutulma» hadysasy Türkmenistan wagty bilen 08.11.2022ý senesinde sagat 17:58-de başlap, 18:56-a çenli jemi 58 minut dowam eder.