logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Technology /Diýarymyzda tehnologiýalar gündelik durmuşa ornaşýar
  21.06.2025
842
Diýarymyzda tehnologiýalar gündelik durmuşa ornaşýar

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda kabul edilen "Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň" çäklerinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň oňyn netijeleri eýýäm halkymyzyň gündelik durmuşynda, ykdysadyýetde we döwlet dolandyryşynda aýdyň duýulýar.

 

Sanlylaşdyrmak syýasaty diňe bir ykdysady görkezijileri gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, her bir raýatyň durmuşyny aňsatlaşdyrmaga, wagtyny tygşytlamaga we hyzmatlaryň elýeterliligini artdyrmaga gönükdirilendir.

 

Döwlet hyzmatlary we "Elektron Hökümet" ulgamy raýatlar üçin iň möhüm täzelikleriň biri hem döwlet hyzmatlarynyň sanly ulgama geçirilmegidir. Indi kommunal (suw, gaz, elektrik togy) töleglerini, internet we telefon hyzmatlary üçin tölegleri, hatda ýol hereketiniň düzgünlerini bozanlyk üçin jerimeleri hem öýden çykman, mobil telefonyň ýa-da kompýuteriň üsti bilen onlaýn amala aşyrmak mümkinçiligi döredildi. e.gov.tm ýeke-täk döwlet hyzmatlary portaly arkaly raýatlar zerur maglumatlary alyp, käbir resminamalar üçin ýüz tutup bilýärler. Bu bolsa edaralara baryp, nobata durmak zerurlygyny aradan aýyrýar.

 

Türkmenistanyň banklary tarapyndan hödürlenýän mobil bankçylyk programmalary giňden populýarlyga eýe boldy. Raýatlar öz bank hasaplaryny dolandyryp, pul serişdelerini bir kartdan başga bir karta geçirip, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri birnäçe sekundyň içinde amala aşyryp bilýärler. Söwda nokatlarynda QR-kod arkaly töleg geçmek adaty ýagdaýa öwrüldi. Şeýle hem, ýurdumyzda onlaýn söwda platformalary we sargyt edilen harytlary öýe eltip bermek hyzmatlary günsaýyn ösýär. Bu bolsa nagt pul dolanyşygyny azaldyp, söwdanyň has aňsat we çalt bolmagyny üpjün edýär.

 

"Türkmendemirýollary" we "Türkmenhowaýollary" agentlikleriniň resmi web-saýtlary ýa-da mobil programmalary arkaly otly we uçar biletlerini onlaýn satyn almak hyzmaty ýola goýuldy. Bu bolsa raýatlaryň kassalara baryp, wagt ýitirmeginiň öňüni alýar. Şäherlerdäki taksi hyzmatlary hem mobil programmalaryň üsti bilen işleýär, bu bolsa müşderi üçin hem, sürüji üçin hem amatlylyklary döredýär.

 

Orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portallary, elektron kitaphanalar we interaktiw tagtalar ýaly döwrebap tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Bu bolsa okuw prosesini has gyzykly we netijeli edip, ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýa endiklerini ösdürmegine ýardam berýär.

 

Görşümiz ýaly, Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň özleşdirilmegi diňe bir meýilnama däl-de, eýsem, gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip barýan hakykatdyr. Bu başlangyçlar ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge we iň esasy hem – halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


Seýýara SAPAROWA
Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener tehnologiýalar
uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy