logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Diňe zenanlar barada..
  07.03.2023
1727
Diňe zenanlar barada..

Taryhda hasaba alnan iň ýokary akyllylyk derejesi (IQ) zenanlara degişlidir.

* * *

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bütin uniwersitet derejeleriniň 60 göterimden köpüsine zenanlar eýedir.

* * *

Lhakpa Şepra atly zenan Ewerest dagyna 7 gezek çykyp, rekord goýmagy başarypdyr.

* * *

Dünýäde ilkinji zenan lukman Merit Rtah köne Müsürde biziň eýýamymyzdan öňki 2700-nji ýyllarda ýaşapdyr.

* * *

Ekwatora has ýakyn ýaşaýan zenanlar, köplenç, gyz çaga dogurýarlar.

* * *

Ilkinji professional beýzbol oýunçysy zenandyr, onuň ady Wirne Mitçeldir.

* * *

Ýaponiýada 1000-nji ýyllarda Murasaki Şikibu atly bir zenan dünýäniň ilkinji romanyny — «Genjiniň hekaýasyny» ýazan zenandyr.

* * *

Anterior singulat korteks, ýagny beýniniň karar berme mehanizmini barlag edýän bölekdir we ol zenanlarda erkek kişileriňkiden has uludyr.

* * *

Zenanlar erkeklere garanyňda, has köp gürleýärler. Geçirilen barlaglara görä, zenanlaryň her gün, ortaça, 13000 söz has köp aýdýandygy tassyklanyldy.

* * *

Hytaýly Zeng Zinlian taryhda hasaba alnan iň uzyn boýly zenandyr. Onuň boýunyň uzynlygy 2,48 metr bolupdyr.

* * *

Dünýä boýunça alnan maglumatlara görä, zenan maşgalalar erkek kişilerden ortaça, 5-6 ýyl uzak ýaşaýarlar.

* * *

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bir zenan ýylyň dowamynda, ortaça, 120 sagadyny ýüz görülýän aýnanyň öňünde geçirýär.

* * *

Zenanlaryň beýnisiniň ýady 76 million gigabaýta barabardyr.

* * *

Erkek kişileriň kalby bazar ýalydyr — gireni, çykany bilinmez. Zenanlaryň kalby gulp urlan gapy ýalydyr — giren yzyna çykmaz. 

* * *

 

Babakulyýewa Dilaram, 

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.