logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Diňe kitap barada..
  30.11.2022
2952
Diňe kitap barada..

Kitap — altyn gapyly ajaýyp dünýäniň açary. Kitapda bolup geçýän wakalaryň hyýaly gahrymanlar bilen janlanýandygyna seretmezden, okamak endigi her bir okyjyda adamkärçiligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär.

Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz  miras hasaplanylýar.

Kyn güne uçranyňda haraýy elmydama kitaplardan gözleýärsiň. Şonda, köplenç, şeýle bir kitaplary tapyp okaýarsyň welin, göwnüňe bolmasa, ol ýörite seniň üçin, hut seniň şol kyn günüň üçin ýazylan ýaly bolýar.

Köp kitap okaýan adam köp ömür ýaşaýar, hiç haçan hiç zat okamadyk adam bolsa bir ömür ýaşaýar.

Kitaplar saňa dogry ýol görkezýän, ýalňyşmaklygyň öňüni alýan paýhasly hem-de ýürekdeş dostdur: olaryň bar ýerinde sen çagalykda-da, ýaşlykda-da, garrylykda-da ýalňyz dälsiň, sen güýçlüsiň.

Kitap — bu durmuşyň iň uzak hem-de garaňky ýoluny ynsana ýagtyldyp görkezýän jadyly çyragdyr.

Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär.

Eger-de siz özüňize elden gelmez ýadygärlik döretmek isleseňiz, onda kalbyňyzy oňat kitaplara bagyş ediň!

Kitap biziň zamanamyzyň durmuşydyr. Kitap hemmelere: garrylara-da, ýaşlara-da gerekdir. 

 

Mehrinissa HUDAÝBERGENOWA,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň
36-njy orta mekdebiniň mugallymy.