logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Health /DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ ULANYLYŞY
  28.11.2022
5475
DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ ULANYLYŞY

Eziz Watanymyz Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi we klimat aýratynlygy boýunça dermanlyk ösümliklere baý mekandyr. Ülkämizde duş gelýän ösümlikler köptaraplaýyn aýratynlyklary, dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda hem şular dogrusynda gymmatly maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzyň gözel tebigatynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman serişdeleri we dürli melhemler ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda şeýle dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi ulanylýar. Geliň, olaryň käbirleri hakynda durup geçeliň: 

Çopantelpek – çylşyrymly güllüler maşgalasyna degişli birýyllyk otjumak ösümlik bolup, boýy 15-40 sm ýetýär. Çopantelpegiň güllerini dürli zäherlenmelerde, aşgazan-içege ýollarynyň ýarasynda ulanmak maslahat berilýär.  Onuň düzüminde bar bolan efir ýaglary dezinfisirleýji täsiri ýüze çykarýar. Içegelerde ajama-turşama hadysasyny peseldýär. Çopantelpegiň gury güllerinden owradylyp taýýarlanylan külkesi dürli derejeli ýanyklarda ulanylsa hem peýdalydyr. Şeýle-de dürli mehaniki şikeslenmelerde çopantelpegiň güllerinden taýýarlanan ýapgy ýaramly täsir edýär. 

Atgulak – atgulaklar maşgalasyna degişli bolan, boýy 15-30 sm ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Atgulagyň ýapraklary dem alyş ýollarynyň, iýmit siňdiriş synalarynyň kesellerinde peýdaly serişde hökmünde ulanylýar. Dermanlyk ösümligiň ýapragyndan taýýarlanan ýapgy bejergi maksatlary üçin mikrobedenjiklere garşy serişde hökmünde ulanmak maslahat berilýär. 

Tozga – çylşyrymly güllüler maşgalasyna degişli, boýy 10-30 sm ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Bejergi maksatlary üçin onuň köki, oty we şiresi ulanylýar. Tozganyň kökünden taýýarlanan külkesi aşgazan-içege ýollarynyň dürli kesellerinde peýdalanylýar. Ol iýmit siňdiriş hadysasyna gatnaşýan synalaryň işini çaltlandyrýar. Şeýle-de ol keselleri bejermekde ykdysady taýdan hem arzan düşýär we onuň çig maly hem ýeterlikdir.

Umuman güneşli diýarymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň peýdaly aýratynlyklaryny hem-de olaryň giňden ulanylyşyny içgin öwrenmeklik diýseň ähmiýetli bolup durýar. Bu ugurda Mähriban Arkadagymyzyň ylmy kitaplary bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma hökmünde çykyş edýär. 

 

Güljemile KÄNJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.