logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Health /Derimiziň we saçlarymyzyň gözel bolmagy üçin nähili iýmitlenmeli?
  16.04.2022
1051
Derimiziň we saçlarymyzyň gözel bolmagy üçin nähili iýmitlenmeli?

Derimiziň we saçlarymyzyň gözel bolmagy ählimiziň islegimizdir. Munuň üçin zyýanly we çalt taýýarlanýan iýmitlerden daşda durmak gerek. Şu ýerde esasy witaminlere baý bolan 5 sany esasy gök önümleriň sanawy düzüldi. Bu iýmitleri gündelik iýmitiňize goşuň we netijelere syn ediň.
• Gyzyl we sary gök önümler. Kädi, itburun, hurma, süýji ýeralma, käşir, süýji burç ýaly sary we gyzyl gök önümler, gorag funksiýasy hem-de derini täzeden dikeldiji häsiýeti bilen tanalýan A witaminiň karotinoidine, beta-karotine baýdyr.
• Balyk we deňiz önümleri. Deňiz önümleri we balyklar zerur ýag kislotalaryna hem-de deri, saç we dyrnak üçin peýdaly mikroelementlere baýdyr. Mysal üçin, selen saçlary berkitmäge we kelläni sagdyn saklamaga kömek edýär. Mis bolsa, çal saçlaryň öňüni almaga ýardam edýär. Derini sagdyn saklamaga niasin, biotin we ýod gatnaşýar.
• Ysmanak. Ol demre, beta-karotine, C witaminine baýdyr. Ysmanagy miweler we gök önümler bilen bugda ýa-da gyzgyn gaplaryň üstünde garyp işdäaçar taýýarlamak maslahat berilýär. Emma temperatura näçe ýokary bolsa, ysmanakdaky peýdaly elementler azalýar. Has gowusy, ony çigligine iýmekdir.
• Miweler. Miwelerde kollagen önümçiligini, şeýle hem antioksidant polifenollary ösdürmäge kömek edýän C witamini köp. Ertirligiňize ýertudana, gara smorodina we gök güli goşuň.
• Hozlar. Kiçijik we sosna hozy, badam, şeýle-de çianyň, günebakaryň, kädiniň çigidi deriniň hem-de saçlaryň sagdyn, owadan we ýagty bolmagyna kömek edýär. Çünki, selen, sink, biotin deriniň çeýeligini we çyglylygyny saklamaga jogapkärdir.

Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.