logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Nature /Daşoguz welaýatynda şor suw akabalaryny giňeltmek işleri geçirilýär
  17.02.2023
937
Daşoguz welaýatynda şor suw akabalaryny giňeltmek işleri geçirilýär

«Altynasyrtürkmenkölgurluşyk» dolandyrmasynyň işçileri giň sähranyň jümmüşinde ýerleşýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Daşoguz şor suw akabalaryny giňeltmek, çuňlulaşdyrmak we arassalamak işlerini güýçli depginlerde dowam etdirýärler.

Işleriň göwnejaý guralmagy, ähli tehnikalaryň sazlaşykly işledilmegi netijesinde dolandyrma boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýynda göz öňünde tutulan ýer-gurluşyk işleriniň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104 göterime golaý ösüş depgini üpjün edildi. Häzirki wagtda welaýatyň etraplaryny aralap geçýän şor suw akabalarynda ýer gazyjy tehnikalaryň 130-dan gowragy, gum itekleýji tehnikalaryň hem 80-e golaýy bökdençsiz işledilýär.

Daşary ýurtlardan satyn alnan dürli kysymly tehnikalar, läbik sorujylar öňden bar bolan tehnikalaryň üstüni ýetirdi. Ýokary öndürijilikli bu tehnikalar welaýatyň dürli künjeginde geçirilýän ýer-suw gurluşyk işleriniň depginini artdyrmaga, şor suw akabalaryny gije-gündizleýin tertipde arassalamaga, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.