logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Nature /Daşky gurşawyň aladasy – möhüm wezipe
  13.06.2023
826
Daşky gurşawyň aladasy – möhüm wezipe

Türkmenistan ýurdumyzda yzygiderli ýaýbaňlandyrylýan ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Şeýle-de halk hojalygynyň ähli ugurlarynda tebigaty goramak boýunça häzirki zamanyň hil taýdan täze usullaryna geçilmegine mümkinçilik döredýär. Tebigy serişdeleri rejeli we netijeli peýdalanmagyň, ilat üçin amatly durmuş şertlerini döretmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalara goşulmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş depginini üpjün etmek döwletimiziň yzygiderli alyp barýan tebigaty goramak strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Suw serişdelerini oýlanyşykly, rejeli peýdalanmak arkaly oba hojalyk önümçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak meseleleri özara baglanyşykly bolup, ol azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir. Häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýleki abraýly guramalardyr düzümler bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Ýurdumyzyň suw-energetika meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigini we bu ugurda yzygiderli işleri alyp barýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen suw diplomatiýasy diňe bir durmuş taýdan möhüm bu pudakda ikitaraplaýyn gatnaşyklardan ybarat bolman, eýsem, ol ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamagyndan ybaratdyr. Bu ulgama häzirki zamanyň ekologik taýdan arassa, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna netijeli gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen köli iri taslama bolup, bu çylşyrymly gidrotehniki desganyň döredilmegi döwür üçin wajyp bolan ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini çözmäge, sebit üçin möhüm bolan uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmekde aýratyn zerur bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň töwereklerinde yzygiderli ekilýän bag nahallary ynsan kalbyna we ruhuna oňyn täsir etmek bilen, gök zolaklarda degişli haýwanat dünýäsiniň emele gelmegini şertlendirýär. Bu döredilýän tokaý zolaklary oňaýly howa gurşawynyň emele gelmegini doly üpjün edýär. 

 

Jeýhun TLEWOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.