logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Technology /Daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri
  09.03.2024
978
Daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri

Ýaňy-ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.

 

 

ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmid häzirki döwrüň ekologik meselelerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän bu duşuşygyň ähmiýetini belläp geçdi. Şeýle-de, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyna ünsi çekdi.

 

 

Daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurdaky ähli esasy halkara konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyşmak bilen, ýurdumyz dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň hem-de şeýle görnüşdäki dialogyň dowam etdirilmeginiň sebitde durnukly ösüşi, abadançylygy gazanmaga, daşky gurşawy goramagyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge, geljek nesiller üçin umumy tebigy mirasy gorap saklamaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

 

 

Hydyr ERSARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.