logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Dabaraly maslahat geçirildi
  24.12.2021
548
Dabaraly maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan dabaraly maslahat Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa partiýasynyň işjeň agzalary hem-de  bilim işgärleri gatnaşdy.

Maslahat başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýup, ussat mugallymy, ylhalar ynsany hatyraladylar, şeýle-de bilim ojagyndaky muzeýe aýlanyp gördüler.

Mekdebiň mejlisler jaýynda bolan dabaraly maslahat çykyşlara baý boldy. Onda edilen çykyşlarda häzirki wagtda  ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitlere barada gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzda ähli babatda gazanylýan ösüş-özgertmeleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde we olaryň ähmiýetini düşündirmekde partiýa işjeňleriniň orny dogrusynda hem gyzykly söhbet açyldy.

Dabaraly maslahatda geljek, 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak boýunça başlangyjyň ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapandygy barada hem aýdyldy. Çykyş edenler ýetip gelýän Täze ýylyň ähli babatlarda üstünlikli ýyllaryň biri bolmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň täze-täze sepgitlere ýetmegini arzuw etdiler.