logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly döwrebap jaýlar açylyp ulanylmaga berildi
  20.05.2023
785
«Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly döwrebap jaýlar açylyp ulanylmaga berildi

19-njy maýda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly döwrebap jaýlaryň açylyş dabarasy boldy.

«Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdym-sazly çykyşlary täze jaýlaryň açylyş dabarasyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Meşhur estrada aýdymçylary we teatr artistleri türkmen halkynyň milli toý dessurlaryny janlandyryp, täsirli çykyşlary görkezdiler. Aýratyn-da, täze dünýä inen bäbege Aşgabat diýlip at dakylmagy, onuň uly şatlyk-şowhun, döwrebap bezegli ulaglar bilen mährem ojaga getirilmegi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar täze jaýlara baryp gördüler. Jaýlaryň aşhanasynyň enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi ýokary görkezijilere we türkmen halkynyň milli ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Munuň özi taslamaçylaryňdyr gurluşykçylaryň bildirilýän talaplara üstünlikli hötde gelýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.