logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /CIET 2026 halkara sergisine 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşar
  27.10.2026
11
CIET 2026 halkara sergisine 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşar

Aşgabatda 3–5-nji noýabrda geçiriljek CIET 2026 halkara maslahatyna we sergisine 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny ösdürmek we olara maýa goýumlaryny çekmek meselelerine bagyşlanan bu çäre barada onuň bilelikde guramaçylarynyň biri bolan «Turkmen Energy Forum» (TEF) habar berdi.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Innowasiýalar. Maýa goýumlary. Ösüş» şygary bilen geçiriljek çärä döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maýadarlaryň we maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda bar bolan maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem içerki we daşary ýurt maýasyny çekmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, infrastruktura hem-de senagat taslamalaryna hususy pudagyň gatnaşygyny giňeltmek meselelerine garalar.

 

Çäräniň gün tertibinde işewürlik şertlerini gowulandyrmak, telekeçiligi goldamak, döwlet edaralarynyň, milli kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak ýaly ugurlar hem göz öňünde tutulýar.

 

Senagat pudagynda önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maslahatyň esasy ugurlarynyň hatarynda bolar. Energetika we himiýa senagatynda çig maly gaýtadan işlemek hem-de onuň goşmaça gymmatyny artdyrmak mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Infrastruktura boýunça bölümlerde häzirki zaman inženerçilik çözgütleri, innowasion gurluşyk materiallary, ýol gurluşygy, durnukly şäher ösüşi we gurluşyk işlerinde sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy barada pikir alşylar. Mundan başga-da, degişli pudaklar üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselesine üns berler.

 

Serginiň dowamynda kompaniýalar öz enjamlaryny, tehnologiýalaryny, gurluşyk materiallaryny we hyzmatlaryny tanyşdyrarlar. Şeýle hem işewürlik duşuşyklary maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, enjamlar bilen üpjünçilik we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döreder.

 

Gülnar TUWAKMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.