logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Çagalary dynç alyş-sagaldyş merkezine ugratmagyň şanyna dabara guraldy
  02.06.2023
978
Çagalary dynç alyş-sagaldyş merkezine ugratmagyň şanyna dabara guraldy

Kaka şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki giň meýdançada bolan dabara tomusky dynç alşa çykan mekdep okuwçylaryny Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezine ugratmagyň şanyna guraldy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary we bilim bölümi tarapyndan guralan dabara bagtyýar çagalaryň onlarçasy gatnaşdy.

Toý meýdançasyna ýygnananlar çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny synlanlaryndan soňra, dag tebigatynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezine sary ýola düşdüler.

Agzalan çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle ajaýyp sowgadydyr. Mundan birnäçe ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen merkez her ýylyň gyşky we tomusky dynç alyş möwsümlerinde mekdep okuwçylary üçin gapylaryny giňden açýar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýylyň şu ajaýyp günlerinde merkez welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen bagtyýar çagalary gyzgyn garşy aldy. Bu ýerde çagalaryň garşylanyş dabarasy şeýle diýmäge esas berýär. Merkezdäki tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň şanyna giň gerim alan aýdym-sazly şüweleň ýaş nesliň şatlygyna şatlyk goşup, kalplaryny joşa getirdi. 

 

Mahym GARAHANOWA,

Ahal welaýatynyň Ýöriteleşdirilen 
inçekesel hassahanasynyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
ilkinji guramalarynyň başlygy.