logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Buzluklaryň eremegi çaltlaşdy
  22.03.2024
712
Buzluklaryň eremegi çaltlaşdy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy tarapyndan taýýarlanan Global Klimat hasabatyna görä, iň yssy ýyl 2023-nji ýyl boldy. Hasabatda dünýädäki ortaça temperaturanyň geçen ýyl önümçilikden öňki 1,45 dereje ýokarydygyny nygtaýan esasy netijeler bar:

 

 

- Üç esasy parnik gazy (uglerod dioksidi, metan, azot oksidi) rekord derejä ýetdi. Kömürturşy gazynyň derejesi önümçilikden öňki döwürden 50 göterim ýokary. 

 

 

- Ummanlaryň ýylylygy 2023-nji ýylda iň ýokary derejä ýetdi. 

 

 

- 2023-nji ýylda deňiz derejesiniň ortaça ýokarlanmagy 1993-nji ýyldan bäri rekord derejä ýetdi. 

 

 

- Demirgazyk polýusdaky deňiz buzunyň mukdary kadadan peseldi. Şweýsariýada buzluklar soňky 2 ýylda galan mukdarynyň 10 göterimini ýitirdi. Demirgazyk Amerikanyň günbataryndaky buzluklar, 2020-2023-nji ýyllar aralygynda 9 göterimini ýitirdi.

 

Jennet ANNAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.