logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Bütindünýä nebit gorlary (2022)
  02.12.2022
1355
Bütindünýä nebit gorlary (2022)

Dünýädäki iň uly nebit gorlary bolan ýurtlara seredenimizde sanawyň başynda Wenesuela, Saud Arabystany, Kanada we Eýran ýaly ýurtlar bar.

Nebit eksport edýän ýurtlar guramasy bolan «OPEC» global nebit isleginiň şu ýyl 95 million 910 müň barrele barabar boljakdygyny we geçen ýyl bilen deňeşdirilende her gün takmynan 5 million 900 müň barrele çenli ýokarlanjakdygyny mälim etdi. Hasabata görä, dünýädäki nebit islegi her gün 5 million 900 müň barrele çenli (6,56 göterim) artar we degişli döwürde takmynan 95 million 910 müň barrele ýeter diýlip çaklanylýar.

Alymlaryň bellemegine görä, dünýädäki nebit gorlarynyň ömri 40 ýyl, tebigy gaz gorlarynyňky 60 ýyl we kömür ätiýaçlyklarynyňky bolsa takmynan 240 ýyl diýlip çaklanylýar. 

Nebit ätiýaçlyklaryna baý bolan ýurtlar (2022): 

Wenesuela (barrel): 303,806,000,000.
Saud Arabystany (barrel): 258,600,000,000.
Eýran (barrel): 208,600,000,000.
Kanada (barrel): 170,300,000,000.
Yrak (barrel): 145,019,000,000.
Kuweýt (barrel): 101,500,000,000.
Birleşen Arap Emirlikleri (barrel): 97,800,000,000.
Russiýa (barrel): 80,000,000,000.
Liwiýa (barrel): 48,360,000,000.
Nigeriýa (barrel): 37,060,000,000.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary (barrel): 47,053,000,000.
Gazagystan (barrel): 30,000,000,000.
Hytaý (barrel): 25,620,000,000. 

 

Rüstem ATAKOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
Ykdysadyýet we dolandyryş 
fakultetiniň talyby.