logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bütindünýä hökümet sammiti-2023 geçirildi
  15.02.2023
1400
Bütindünýä hökümet sammiti-2023 geçirildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda Bütindünýä hökümet sammiti-2023 geçirildi. Sammite Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Ýurdumyzyň wekiliýeti sammitiň mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriň­dir halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şunda ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça milli maksatnamalaryň we halkara borçnamalaryň berjaý edilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda döwletiň ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy babatda tejribe alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Wýetnamyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda, esasan, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyk meýilnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlerde öňegidişligiň boljakdygyna ynam bildirdiler.  

 

Gurbangeldi PIRLIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.