logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Bütindünýä garaňkylyga bürenip biler!
  04.02.2023
1372
Bütindünýä garaňkylyga bürenip biler!

Birnäçe wagt mundan ozal Ýere örän güýçli gün tupany geldi. Milli Okean we Atmosfera Dolandyryş Guramasy bu geomagnit tupanynyň käbir emeli hemralaryň işlemegine ýaramaz täsir edip, käbirini bolsa hatardan çykaryp, dünýäniň käbir ýerinde köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine hem sebäp bolandygyny nygtaýar.

Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa kosmos gullugy geljekde şeýle güýçli gün tupanlarynyň emeli hemralaryň ählisini hatardan çykaryp biljekdigini mälim edýär.

Gullugyň hünärmenleri orbitadaky emeli hemralaryň güýçli gün tupanlaryna garşy çydamlylygynyň pesdigini mälim edýärler.

Belläp geçsek, 1989-njy ýylda Kanadanyň Kwebek welaýatynda gün tupany sebäpli 9 sagat elektrik togy kesildi.