logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Bulary bilmek gyzykly...
  06.01.2023
1517
Bulary bilmek gyzykly...

- Dünýäniň 1738-nji ýylda döredilen ilkinji pizza restorany bolan «Antica Pizzeria Port’Alba» Italiýa döwletinde häzir hem işleýär.

- Çagalar töweregindäkilerden günüň dowamynda 300 sorag soraýarlar.

- Biz doglanymyzda iki zatdan gorkýarys: sesden we gykylykdan. Galan ähli gorkulary daşky gurşawdan öwrenýäris.

- Adamyň ýaşyna we kärine görä içýän kofe mukdarynyň üýtgäp bilýändigini hünärmenler belläp geçýär. Geçirilen barlaglara görä, her gün 2-3 bulgur kofe içmek maslahat berilýär.

- Hüwiniň gözi hanasynyň içinde aýlanmaýar. Şonuň üçin, ol bir ýere seretjek bolsa, kellesini öwürmeli bolýar.

- Pil bökmegi başarmaýan ýeke-täk haýwandyr.

- Bäbeklerde 270-den gowrak süňk bolup, adam ulaldygyça, käbir süňkler birleşýär. Uly adamlaryň süňkleriň sany 220 töweregidir.

- Şotlandiýada «gar» sözüni başgaça 412 görnüşde aňladyp bolýar.

- Wagtyndan öň doglan çagalaryň 54 göterimi adatça, çepbekeý bolýar.

- Adamyň ömründe barmaklary ortaça 25 million gezek açylyp-ýumulýar.

- Adam bedeninde 5 sm uzynlykdaky çüý ýasamaga ýeterlik demir bardyr.

- Adamyň nerw süýümleri myşsa süýümlerine garanda, 20 esse artyk ýüki göterip bilýär.

- Asgyrmagyň tizligi sagatda 160 kilometre deňdir.

- Çarli Çaplin bir gezek assyrynlyk bilen «Çarli Çapline meňzeýänler» bäsleşigine gatnaşyp, 3-nji orny eýeläpdir.

- Adam bir ýylyň dowamynda ortaça 5 million gezek dem alýar.

- Bir adamyň damarlarynyň umumy uzynlygy 150 müň kilometrdir. Ýer bilen Günüň aralygynyň uzynlygy bolsa 150 million kilometrdir.

- Adam aglanda, gözýaşynyň ilki sag gözünden akmagy onuň begenjiniň, çep gözünden akmagy gynanjynyň, ikisindenem bir wagtda akmagy bolsa aladalylygynyň nyşanydyr.

- Adamyň ýüregi bir minutda ortaça 5 litr, günüň dowamynda bolsa 7200 litr gan pürkýär.

- Dünýäniň 1738-nji ýylda Italiýada döredilen ilkinji pizza restorany bolan «Antica Pizzeria Port’Alba» restorany häzir hem işleýär.

- Beýnimiziň agramy bedenimiziň agramynyň 2%-ine deňdir. Bedenimiz kabul edýän iýmitimiziň 20%-ini, alýan demimiziň 25%-ini beýnimiz üçin sarp edýär.

- Bir galam bilen takmynan 50.000 sany söz ýazyp bolýar.

- Adamyň bütin ömründe ýöreýän uzaklygy dünýäniň daşyndan 3 gezek aýlanmaga barabardyr.

- Taryhda hat ýazmak üçin niýetlenen ilkinji galam b.e.öňki 1000-nji ýyllarda Hytaýda oýlanyp tapylypdyr.

- Häzirkizaman ruçka taryhda ilkinji gezek wengriýaly oýlap tapyjy heýkeltaraş we žurnalist Lazlo Biro tarapyndan 1930-njy ýylda ýasalypdyr. 

 

Maýsa ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.