logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Brýusselde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk medeni agşam geçirildi
  29.09.2025
1040
Brýusselde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk medeni agşam geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde «Garaşsyzlygyň gymmatlyklary: türkmen mirasynyň baýramy» atly medeni agşam geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Baýramçylyk agşamyna Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de birnäçe ýurtlaryň Ilçileri, Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary, diplomatlar, medeniýet işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýewropa Daşary syýasat gullugynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Gaýa Daneza çykyş edip, medeni alyş-çalyşyklaryň özara düşünişmegiň möhüm binýady bolup hyzmat edýändigini nygtady.

 

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi öz çykyşynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygynyň many-mazmunyna ünsi çekip, türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän baý medeni mirasyny, onuň döwrebap ösüşler bilen utgaşdyrylýandygyny belledi. Şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini, döredijilikli çemeleşmeleriň bolsa bu mümkinçilikleri täzeçe baýlaşdyrýandygyny aýratyn nygtady.

 

Medeni agşam Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky dostluk we medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edip, halklary ýakynlaşdyrýan, ynanyşmak hem-de parahatçylyk ruhuny berkitýän täsirli waka öwrüldi.

 

Ýazbibi AKYMOWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.