logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bosagada – Goňşokara
  28.11.2023
841
Bosagada – Goňşokara

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamynyň astyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly gyzyldan gymmatly kitabynda ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelen ajaýyp ýol-ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Şol asylly däpleriň biri-de türkmeniň goňşuçylyk gatnaşyklary. Türkmen halkynyň durmuşynda goňşulara goýulýan sylag-sarpa has hem üýtgeşik bolýar. Goňşusynyň çagasyny öz perzendinden kem görmeýän halkymyz bu barada birnäçe atalar sözlerini, nakyllardyr täsirli tymsallary döredip gelipdirler.

 

 

Öz gözbaşyny goja taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan bu mukaddes ýörelgeleri sarpalap, ýurdumyzda her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde Goňşokara baýramy giň gerim bilen bellenilýär.  

 

 

Tükmen ojagynda bişýän naz-nygmatlarda hökman myhman bilen bir hatarda goňşy paýy-da bolýar. Bag-bakjasynda ýetişdiren miwelerinden, owuz süýdünden ilkinji nobatda goňşa dadyrylýar. Keramatly tamdyrdan çykan mele-myssyk nan gyzgyny bilen goňşa hödür edilýär. Il-halkymyzyň: “Keçäňi satsaň hem goňşyňa sat, baraňda üstünde özüň oturarsyň” diýmegi hem ýöne ýere däl.    

 

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda goňşy döwletler bilen parahatsöýüjilikli, oňyn gatnaşyklary barha berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bu asylly syýasaty bütin dünýäde nusgalyk görelde bolup çykyş edýär. Türkmen halkyny abadan durmuşda ýaşadýan Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!  

 

 

Güljan AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 
Sanly tehnologiýalar we we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň
MH toparynyň 4-nji ýyl talyby.