17-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda ýerleşýän Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň wekili çykyş edip, 2025-nji ýylyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýär. Bu dereje 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar bilen berkidilipdi.
Çykyş edenler hatarynda:
Miroslaw Ýença öz çykyşynda BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan Türkmenistanyň halkara arenada parahatçylygy, ynanyşmagy we gepleşik medeniýetini ösdürmekdäki ornuny belledi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy durnuklylyk we howpsuzlyk boýunça BMG-niň tagallalaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Dabara gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda alnyp baryljak işleriň esasy ugurlaryny we maksatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýyl geçiriljek halkara çäreler bilen baglanyşykly pikir alyşmalar boldy.
Hususan-da, 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Parahatçylyk we ynanyşmak boýunça halkara forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu forumyň maksady ähli ýurtlaryň wekillerini jemläp, ählumumy parahatçylyk medeniýetini berkitmek we geljekki anyk ädimleri işläp düzmek bolup durýar.
Çäräniň ikinji bölüminde birnäçe halkara diplomatik toparlaryň wekilleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda:
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasynda işlenip düzülen “Ýol kartasyny” goldadylar. Şeýle hem, parahatçylygy saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde ynanyşmakly gepleşikleri berkitmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Bu çäre Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlylygyny hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar.