logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /“Bitaraplyk ýörelgesi-parahatçylygyň ýoly” atly aýdym sazly duşuşyk geçirildi
  08.12.2023
586
“Bitaraplyk ýörelgesi-parahatçylygyň ýoly” atly aýdym sazly duşuşyk geçirildi

Golaýda halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň hem-de etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky Medeniýet öýünde  “Bitaraplyk ýörelgesi-parahatçylygyň ýoly” atly tegelek stoluň başynda aýdym sazly söhbetdeşlik geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim bölüminiň hünärmenleri, mugallymlar gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň äleme nusgalyk alyp barýan beýik işleri, ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesi, dünýä halklary bilen dost-doganlyk, goňşuçylyk, hoşmeýillilik, ynsanperwerlik gatnaşyklary barada buýsançly gürrüň etdiler.

 

 

Şanly senä bagyşlanan dabaranyň dowamynda ýaňlanan milliwe estrada aýdym-sazlar we tans çykyşlary aýratyn ruhy göteriliş alamatyny emele getirdi. Etrabyň medeniýet merkeziniň bagşy-sazandalarynyň, halk döredijilik toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlarynda döwrümiziň buýsançly waspy öz beýanyny tapdy hem-de ähliniň şatlygyna şatlyk goşdy.

 

 

Akmuhammet Magtymgulyýew, 
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Kaka etra
p birleşmesiniň esasy hünärmeni.