Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk ýoly – dünýä nusga ýörelgämiz
  08.12.2022
616
Bitaraplyk ýoly – dünýä nusga ýörelgämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Halkymyzyň, döwletimiziň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar goşa-goşadan gelýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda döwletimiziň ýöredýän syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyklary alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň döwletimiziň bu abraýly guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilmegi örän buýsandyryjydyr. Gurama agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň möhüm ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip almak bilen, ýurdumyz bu ugurdaky wezipelerini yzygider berjaý edýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu möhüm hem taryhy seneler Milletler Bileleşiginiň taryhyna hem altyn harplar bilen ýazyldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde her birimiz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan ünsüni barha artdyrýar. Bitaraplyk halkymyzyň asylly maksatlara eýerýän ösüşlerini rowaçlandyrmakda, milli ýol-ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda esasy daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Bitaraplyk syýasy-ykdysady, taryhy medeni meseleleri birleşdirýän zerur gymmatlyk hökmünde bütin dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň dabaralanmagyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hatarynda möhüm orun eýeläp, dünýä jemgyýetçiligine ynamly aralaşdy. Eziz Watanymyzyň halkara gatnaşyklaryndaky derejesini kesgitleýän Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! 

 

Öwezmyrat REJEPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.