Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bitaraplyk toýy uludan bellenýär
  27.11.2023
550
Bitaraplyk toýy uludan bellenýär

Şahyryň: “Her kime ýetirse toýdan ýetirsin, Toýlar sebäp bolsun täze toýlara” diýýän şahyrana setirleri Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir il-halkymyzyň kalbynda şirin mukam bolup ýaňlanýar. Toýlaryň toýlara ulaşmagy, oba-şäherlerimiziň baýramçylyk lybasyna beslenip,  dünýäniň çar künjeginden myhmanlary garşylamagy abadan ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu günki günlerde diýarymyz baky Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýuny baýram edýär. 

 

 

Müňýyllyklaryň dowamynda agzybirlik we parahatçylyk ýörelgelerine ygrarly bolan dana pederlerimiziň ruhy binýadyny goýan Bitaraplyk syýasatymyz döwletimiz deýin mizemez, hemişelik hukugyny gazandy. Taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda şöhraty äleme dolan ata-babalarymyz mydama parahatçylygyň oňyn ýolundan dowamly menzillere ýol alypdy. Ýurdumyz baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyny hem öz erk-islegine görä meýletinlik bilen seçip saýlady we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäde iki gezek ykrar edildi. Abraýly Bitaraplyk derejesiniň türkmen nusgasynyň ýeke-täkligi bilen bir hatarda ol milli öwüşginli aýratynlyklara eýe bolmagy bilen hem düýpli tapawutlanýar. Gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, oňyn mana eýe hemişelik Bitaraplygymyz konstruktiw häsiýetde bolmak bilen parahatçylygy we durnukly ösüşi wagyz edip, halklaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde özüniň saldamly goşandyny goşýar.

 

 

Baky Bitaraplygymyzyň saýasynda gazanan her bir üstünliklerimiziň tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýändigine Ýer ýüzi çärýek asyr bäri şaýat bolup gelýär. Merdana halkymyzyň asyrlar boýy arzuwlap ýeten Bitaraplyk derejesi barada, onuň adamzada eçilen eşretiniň hözüri dogrusynda näçe ýazsak-da az bolsa gerek. Ýöne Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gollanma tapan Türkmenistan Watanymyzyň Bitaraplygy daşary döwletleriň metbugat neşirlerinde tarypnama eýe bolmagy guwanjymyzy has-da goşalandyrýar.

 

    

Watanymyzyň abadançylygy ugrunda gije-gündiz alada edýän,  öz halkyny röwşen geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň elmydama janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlary rowaçlyklar beslensin! Eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abraý-mertebesi mundan beýläk hem belentliklere galsyn!

 

 

Mahym ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
2-nji ýyl talyby.