Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 5 müň ýyllyk baý taryhy geçmişi, bagtyýar şu güni, altyn geljegi bar. Türkmen halkymyzyň synmaz taryhyna ser salanymyzda hem ata - babalarymyzyň dowamat dowam nesillere agzybirligi, dost - doganlygy, parahatçylygy, ynsanperwerligi eserlerinde ündew edinendiklerini görýäris. Çünki biziň türkmen halkymyz agzybirligi özüne ýörelge edinen ýeke-täk halklaryň biridir. Goňşuçylyk gatnaşyklaryna ýakyndan üns berip, hemmeler bilen dogan bolup, geçmişden şu güne hem şol ýörelgesini ýitirmän dowam etdiren halkdyr. Beýik taryhy şahsyýetlerimizden Oguz han atamyzyň, Gorkut atamyzyň, beýik alym akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserlere siñen göreldeli geçmişi, nesillere gatlarda galan baý mirasdyr.
Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
diýen şygrynda hem watana bolan söýgüsi saýasynda agzybirlik bilen jemlenişmegiň ündewini ýetirýär. Şulary özüne görelde mekdebi edinen türkmen halkymyz Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy başyna täç edinýär. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem her sahypasy altyna deňelýän kitaplarynda beýan edýän ündewleri akyl-paýhasa ýugrulan sözleri biz nesillere bütin türkmen halkymyza asyrlyk nusgadyr.
“Agzybire - Taňrybir agzalany gaňrybir” diýen geçmişden şu günümize gelip ýeten ata-babalarymyzyň bize ýörelge hökmünde goýan bu nakyly hem türkmen ilimiziň agzybirligi baş maksat edinýänliginiň aýdyň görkezmesidir.
Şulardan ugur alyp, beýik Türkmenistan Watanymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 193 döwletiň biragyzdan gollamagy hukuk derejesi esasynda Bitaraplyk derejesini aldy.
Arkadagymyzyň parahatçylyga, dost-doganly, pähim-paýhasly, ynsanperwerligi ündeýän dürdäne kitaplary bitaraplygymyzyň mizemez binýadydyr. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň içeri we daşary syýasatynda hem Watansöýjülikli ynsanperwer halkymyz bähbitli beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyz hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenýär. Baky hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda öz bähbitli oňyn netijelerini görkezýär. Bitaraplygymyza eýe bolan ilkinji günümizden bäri birkemsiz agzybirligimizi, parahatçylygymyzy saklap, ynsanperwer ýörelgämize eýe bolup gelýäris.
“Arkadag Serdarly- bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem şanly baky Bitaraplygymyza 28 ýyl dolýar. Bu ýyl halkymyz Bitaraplygymyzyň toýuny uludan baýram edip toýlar bitaraplygymyza bagyşlap ýürek buýsançlaryny eserlerine siňdirip toý sowgady hökmünde şahyrana eserlerini döredýärler.
Her bir geçen güni üstünliklere beslenýän ýurdumyz ýürek joşgunlaryny beýan ederler ylym - bilimiň ösmeginde, dünýä jemgyýetinde belent sepgitlere ýetmekde ýaşlaryň ähmiýeti uludyr çünki gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz ýaşlara ähli ugurlarda öz üstünligimizi açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bu bolsa biziň döwletimiziň hem dünýä siwilizasiýasynda häzirki döwrebap ugurlarda beýik orunlara eýe bolmagymyza hem-de täze açyşlary amala aşyrmagymyza itergi berýär. Halkymyz bu ajaýyp senäni taryhymyzyň altyn gatlaryna mizemez miras edip belledi. Häzirki döwürde gahryman Arkadagymyz Bitaraplygymyz esasynda birnäçe möhüm wakalary durmuşa ornaşdyryldy. Birleşen Milletler assambleýasynyň karary esasynda 2015-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy ikinji gezek hem ykrar edildi. Munuň yzysüre hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallary netijesinde 2017 ýylyň 12-nji dekabrynda bütin dünýäde “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi buýsanç beriji taryhy wakadyr.
Täçmahal Işangulyýewa,
Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky
Inžener Tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.