Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bitaraplyk-buýsanjymyz
  27.11.2023
322
Bitaraplyk-buýsanjymyz

Hemişelik Bitaraplyk ýer ýüzüne nusgalyk ýörelge bolup, özara bähbitleri utgaşdyryjy, howpsuzlygy üpjün ediji, hoşniýetli gatnaşyklara we ösüşe bolan islegleri jebisleşdiriji halkara-hukuk guraly bolup, adamzat bähbitlerine, täze başlangyçlara we möhüm wakalara giň ýol açýar.

 

 

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy bolup, onda ýaş nesillerimize nusga alarlyk gymmatlyklar sanardan kän. Şol gymmatlyklaryň biri-de Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty hem öz köklerini halkymyzyň geçmiş taryhyndan alyp gaýdýar «Merler Watany beýgeldýär» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyz  «Ata-babalarymyzyň örän çylşyrymly we şöhratly taryhyny öwreniň, ondaky iň gowy zatlary öz durmuşyňyza nusga ediniň!» diýip belläp geçýär. Bitaraplyk bolsa nusga edinere iň gowy zatlaryň biri bolup, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji däpleriniň iň ýokary beýanydyr.

 

 

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleriň öňe sürülmegi, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenmeklige giň ýol açyp bermegi, halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, ýaş nesliň ene topragyna söýgüsini artdyrmakda we ýurduna wepalylygy terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Şol esasynda hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adam üçin, adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk bolsa, Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyksöýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr»  diýip bellemegi, ata-babalarymyzyň goňşy ýurtlar, halklar bilen parahatçylykly ýaşandyklaryny aýdýar, ýa-da «Parahatçylyk sazy-dostluk doganlyk sazy» atly kitabynda hem birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk gatnşyklaryny alyp barmak, medeniýetiň, sazyň güýji bilen parahatçylygy ýola goýmak ýaly häsiýetler görkezilýär.

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň eşreti ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde, halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda we berkemeginde aýdyň beýanyny tapdy.  Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli syýasaty döwletara gatnaşyklarynda ygtybarly we ygrarly bolmagyň, hakykatyň we dоgruçyllygyň öňdebaryjy оrun tutýandygyny äşgär edýär.

 

 

Ýaşyl tugumyz al-asmanda pasyrdap Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwrüni şöhlelendirýär.  Birleşen milletler guramasy tarapyndan doly ykrar edileni bäri eziz Watanymyz häzirki wagtda ykdysady, ylmy, medeni giňişlikde giň mümkinçilikleri gazanyp, döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmaga itergi berdi. Biz şonuň üçin Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganaty, bagtyýarlygyň binýady diýip buýsançly aýtmaga haklydyrys. Häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli ýyllar üçin  daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy täze ösüşlere eýe bolýar.

 

 

Ýer ýüzünde iki gezek ykrar edilen Hemişelik Bitaraplygymyz gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde halkara derjesinde giňden bellenilýär.

 

 

Watanymyzyň  hemişelik bitaraplyk syýasaty ynsanperwer ugry milli ýörelgelerden gözbaş alýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýet berýär.

 

 

Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk we ösüş höküm sürsün! Dünýä ýüzüne parahatçylygyň nuruny ýaýradýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutumlary mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

 

Myrat YLÝASOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.