logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Politics /Bitaraplyk – buýsanjydyr halkymyň!
  16.11.2022
829
Bitaraplyk – buýsanjydyr halkymyň!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, halkara gatnaşyklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurdumyzyň bitarap, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriniň netijelerine Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Halkara hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk tejribesinde, taryh üçin uly bolmadyk döwrüň içinde ösüşe gönükdirilen umumadamzat bähbitli netijeli işler ýerine ýetirildi. Soňky on ýylyň içinde dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşip, giň gerime eýe boldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnama kabul edildi. Bu taryhy resminama ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty mazmun taýdan kämilleşip, täze derejä göterildi. Şonuň netijesinde 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda guramanyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň Bitaraplyk taglymatynyň bütindünýä ykrarnamasyna we giň goldawyna eýe bolandygyny görkezýär.

Bu gün biz Bitaraplyga halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmagy, ähli üstünliklerimiziň, rowaçlyklarymyzyň gözbaşy, bagtymyzyň binýady hökmünde garaýarys. Ol bahasyny hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmajak müdimi gymmatlykdyr, abadan, asuda ýaşaýşyň çeşmesidir.

Goý, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegine gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlarymyz, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetlilige ýugrulan türkmen diplomatiýasynyň ýeňişli menzilleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Yslam ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.