Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik başlangyçlary bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan parahatsöýüjilikli, dostana gatnaşyklary barha pugtalanýar. Bu dostana gatnaşyklar eziz ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa galdyrýar. Baky Bitaraplygymyzyň goýnunda parahatçylygyň nury bilen rowaçlanýan döwrümizde ýaş nesilleriň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, asyrlar boýy sünnäläp gelen ruhy-ahlak gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan, Bitaraplygymyzyň türkmen nusgasynyň gymmatyna düşünýän kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Rowaçly özgerişlerden, beýik ýeňişlerden püre-pür bagtyýar günleri toýlara beslenýän eziz Watanymyzda her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni uly dabara bilen bellenilýär. Bu möhüm sene ýurdumyzyň taryhynda esasy orun tutýar, bu taryhy seneden soň Bitarap döwletimizde alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesi, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde uly goldawa eýe boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgesi ýurdumyza ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly gitmäge, bagtyýar ýaşlary bagta gujak açýan nurana ýollarda üstünliklere atarmaga mümkinçilik bermek bilen abadan durmuşymyzyň berk binýadyna öwrüldi. Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň ruhunda kök uran milli ýörelgämiziň düýp özenidir. Hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjligi, abadan ili, asudalygy goramak, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak ýaly milletimiziň gadymdan bäri dowam edip gelýän aýratynlyklary jemlenendir. Ata-babalarymyz hemişe goňşulary bilen duz-çörekli gatnaşypdyr, birek-birege sarpa goýmak milletimiziň aňyna siňipdir. Parahatçylygyň ilçisi bolan hemişelik Bitaraplygymyz bu gün dillerde sena eýlemäge mynasypdyr. Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen dabaraly maslahatlar, joşgunly baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu bolsa her bir türkmen raýatynyň, bagtyýar ýaşlaryň ruhuna ruh, buýsanjyna buýsanç goşýar, kalplara dostanalyk hem mähir paýlaýar.
Hemişelik Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan parahatçylykly hem ynsanperwer syýasaty alyp barýan, dünýä ýurtlary bilen dostana gatnaşyklary has-da berkitmekde beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýunyň joşgunly ýaňy buýsançly kalplarda parahatçylygyň owazy bolup ýaňlansyn!
Aýjahan OSMANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.