logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Bitaraplyk bilen beýgelen Diýar
  10.12.2022
1119
Bitaraplyk bilen beýgelen Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge we ynanyşmagy pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Türkmen halkynyň parahatçylyk we ynanyşmak bilen bagly asylly ýörelgelerini dowam etdirýän milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar.

Ýurdumyz hemişelik bitaraplygyň özboluşly türkmen nusgasyny döredip, ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň ýoly bilen barha öňe ilerleýär. Häzirki wagtda döwletimiz sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny görkezmek bolar.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şu ýylyň dowamynda diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň parahat ýaşaýşy, abadan durmuşy, gülläp ösüşi babatda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn işler amala aşyryldy. Munuň özi döwletimiziň abraýyny artdyryp, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly esas boldy. Şanly wakalara beslenen ýylda ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda hem uly özgertmelere beslenen işler durmuşa geçirildi. Köp sanly medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalar gurlup ulanylmaga berildi. Bu babatda şeýle uly işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da artýandygynyň hem-de halkymyzyň durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Ähli halklary parahatçylyga çagyrýan ynanyşmagy üpjün etmek ugrunda bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.