logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Bitaraplyk baky bagtymyz
  11.12.2020
807
Bitaraplyk baky bagtymyz

        Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, Sarahs etrap Bilim bölüminiň, Sarahs etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýiniň , Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp etrabyň Medeniýet öýünde ýaş zehinleriň arasynda “Bitaraplyk Baky bagtymyz” ady bilen sergi bäsleşigi guraldy. Sergi bäsleşigine gatnaşanlar heýkeltaraşlyk sungaty, nakgaşçylyk sungaty şeýle-de milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän el işleri boýunça ýerine ýetiren işlerini erjellik bilen görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar öz ýerine ýetiren işleri boýunça giňişleýin gürrüň berdiler. Bäsleşikde esasan hem Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan işler bolup, mundan başgada sergide türkmen halkymyzyň geçmiş taryhy, milli mirasymyz, ata-babalarymyzda, ene-mamalarymyzda miras galan milliligimiz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspy giňden beýan edilen. Geçirilen sergi bäsleşiginde nakgaşçylyk sungaty boýunça etrabyň “Oraz Salyr” adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Berdimyradowa Aýsenem, milli mirasymyzy wasp edýän el işleri boýunça  etrabyň çagalar we ýetginjekler öýüniň okuwçysy Bagtyýarowa Mähri,  heýkeltaraşlyk sungaty boýunça bolsa çagalar we ýetginjekler döredijilik öýiniň okuwçysy Dosmämmedow Dosmämmet dagylar tapawutlanyp ýeňiji boldular. Ýeňiji bolan okuwçy ýaşlara Hormat hatlary dabaraly gowşuryldy.