logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Bitarap Watanym — buýsanjym!
  05.12.2022
2339
Bitarap Watanym — buýsanjym!

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyz milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny öňküden-de berkitmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, kuwwatly we köpugurly milli ykdysadyýeti döretmek ugrunda öňde goýlan wezipeler amal edilýär. Halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan uzak möhletleýin maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Hemmetaraplaýyn ösen döwleti gurmaga gönükdirilen döwlet syýasatymyz, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmeler Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýar, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrýar. Bu işler bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we abadançylygyň mekany hökmünde eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasaty durmuş-ykdysady ösüşe we döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen içeri syýasatymyzyň dowamydyr.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy Watanymyzda we sebitde parahatçylygyň pugtalandyrylmagynda uly orun eýeledi. Bu Türkmenistan üçin bolşy ýaly, sebitiň halklary üçin hem juda ähmiýetlidir. Sebäbi döwletimiz dünýäniň juda strategik nokadynda — tebigy baýlyklaryň iň köp jemlenen sebitleriniň birinde, halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Bu ýagdaý oňyn Bitaraplyk syýasatynyň Türkmenistan üçin neneňsi uly ähmiýete eýedigini-de görkezýär. Şonuň üçin-de, halkara gatnaşyklarda döwletimiz juda oýlanyşykly hereket edýär, has anyklap aýdylanda, ýedi ölçäp bir kesýär. Bu ýagdaý türkmen syýasy diplomatiýasynyň parahatçylyga, howpsuzlyga, agzybirlige hem adyllyga gulluk etmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Goý, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! 

 

Jennet BEKMETOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.