Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Elektron söwda ulgamy - bazar hojalygynyň täze görnüşi ✦ ✦ Maglumat jemgyýetiniň strategiki ugurlary ✦ ✦ Dünýä logistikasynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sanly tehnologiýanyň daşary ýurt dillerini öwrenmekde ähmiýeti ✦ ✦ Nebit-gaz ulgamy ösüşlere beslenýär ✦ ✦ Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanda bank hyzmatlarynyň sanly görnüşleri ✦ ✦ Ýeriň daşynda magnit meýdanynyň täsiri güýçlenýär ✦ ✦ Dünýä 6G ulgamyna geçýär ✦
Baş sahypa / Tebigat /Biosferany - janly tebigaty goralyň!
  24.06.2023
2183
Biosferany - janly tebigaty goralyň!

Biosferanyň esasy  düzüm bölekleri bolan howa, suw we toprak adamlaryň bu gymmatly baýlyklary akyl-paýhassyz we rejesiz peýdalanmaklygy netijesinde hapalanýar. Eýsem, hapalanmak näme? Bu ýaşaýyş gurşawynda tebigy we antropogen sebäpleriň netijesinde fiziki, himiki we biologiki jisimleriň birleşmeleriniň adatdakysyndan çürt-kesik ýokary bolmagy, gurşawyň ýaramazlaşmagydyr. Meselem, suwuň bulançaklygy, onuň şorlaşmagy we başgalar. Bu ýagdaýlar köplenç halatlarda köp haryt öndürmek, gazanç etmek netijesinde ýüze çykýar. Biziň köpümiz dem alýan howamyzy, aşa köp peýdalanýan suwumyzy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ulanýan topragymyzy, edil daş kömür, nebit ýaly tebigatyň mugt berlen peşgeşi diýip hasaplaýarys. Biz olara geregiçe aýawly çemeleşmeýäris. Biziň planetamyzda daş kömrüň, nebitiň we beýleki gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň ätiýaçlygy tükeniksiz däldir. Olary täzeden dikeldip bolmaýar. Edil şunuň ýaly ýagdaý howa, suwa we topraga-da degişlidir. Biosferanyň bu düzüm bölekleri bolsa, ösümlikleriň, janly-jandarlaryň ýaşamaklygynyň, ösmekliginiň, nesil öndürmekliginiň esasy çeşmeleri bolup durýar.

Suw gurşawynyň hapalanmagy diňe bir ösümlikler we haýwanlar üçin gorkuly bolman, eýsem suw howdanlary, bentler we beýleki suw gurluşyk desgalary üçin hem howpludyr. Zäherlenen suw demir-betony weýran edýär, demir karkaslary çüýredýär, olary hatardan çykarýar, gurlan gidrodesgalara uly zyýan ýetirýär. Hapalanan we şor suwlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsine (biosfera) ýetirýän zyýany barada asla gürrüň hem bolup bilmez. Suwy esasy hapalaýjylar, nebit we nebit önümleridir. Ondan soňra suw gurşawyny we janly-jandarlary sintetik maddalar zäherleýärler. Olar senagatda, ulagda, durmuş hajatlarynda giňden peýdalanylyp, ilki suw gurşawyna, soňra topraga aralaşýarlar. Bu birleşmeleriň mukdary akar suwlarda 5-15 mg/l-e ýetýär, adatça bolmalysy bolsa 0.1 mg/l-dir. 1 metr kub suwda 1 gram nebit garyndysy, balyk tohumlarynyň (işbilleriň) ösmegi üçin howpludyr.

Biosferanyň suw gurşawyny hapalandyryjylara, şeýle hem metallara degişli bolan simaby, sinki, misi, hromy, galaýyny, gurşuny, marganesi, radioaktiw elementleri, zäherli himikatlary goşmak bolar. Olar ekerançylyk ýerlerinde, mal ýataklarynda suwa goşulýarlar we hapalanan suw ösümlikleriniň hem-de janly organizmleriň ýaşaýşyna zyýanly täsir edýärler.

Toprak - adamzadyň ekleýjisidir. Ýer ýüzündäki ösümlikler her ýylda, takmynan, 83 milliard tonna organiki maddalary öndürýärler. Şolaryň 53 milliard tonna çemesi gury ýerde, galany bolsa deňizlerde we ummanlarda önýär. Şu ýerden hem biziň ekleýjimiz bolan topraga aýawly çemeleşmelidigi aýdyňlaşýar. Ekerançylyk ýerleriniň giňeldilmeginiň hasabyna hasylyň artdyrylmagy, mineral dökünleriň möçberinden aşa köp berilmegi, awuly himikatlaryň peýdalanylmagy netijesinde topragyň ekologiýasy bozulýar. Gara we reňkli metallurgiýa merkezleriniň töweregindäki topraklar demir, mis, sink, marganes, nikel, alýuminiý we beýleki metallar bilen hapalanýar. Ýadro ýaraglarynyň synag geçirilýän we AES-leriň heläkçilige uçran ýerlerindäki topraklarda radioaktiw elementler köpeldi. Bilşimiz ýaly, radioaktiw elementler toprakdan ösümlige, soňra janly-jandarlara (haýwanlara), iň soňunda hem adama geçýär. Olar ynsan saglygyna uly möçberlerde zeper ýetirýärler.

Görşümiz ýaly, biosfera we ony düzýän bölekler, landşaftlar belli bir derejede hapalanýar. Ýöne biosferanyň hapalanyş derejesi aýry-aýry tebigy zolaklarda, ýurtlarda we döwletlerde, şäherlerde we obalarda birmeňzeş däldir. Biosferany  goramak, onda deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmek ählihalk işidir.

 

Gözel KULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy.