logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Poetry /«BILMESEM NÄME?!» - Ogulbäbek ORAZBERDIÝEWA
  03.12.2022
1205
«BILMESEM NÄME?!» - Ogulbäbek ORAZBERDIÝEWA

Seni nämüçin söýýärkäm?!
Ýigrenip bilmesem näme?!
Dünýämde durkuň duýýarkam,
Aýralyk bilmesem näme?!

Ýakman ýüregmiň parasyn,
Ýar gelip halym sorasyn!
Ýagşy-ýamanyň arasyn
Saýgaryp bilmesem näme?!

Barlygyňa şükür hälem,
Kalbym islese-de näler,
Söýgi soraglap giň älem
Aýlanyp bilmesem näme?!

Doňup galan görejimde,
Heder etdim şol rejämden,
Gapyrgalyk derejämden
Saýlanyp bilmesem näme?!

Ýyldyz bolsam asmanyňda,
Aýdym bolsam dessanyňda,
Bilbil bolsaň bossanymda,
Saýradyp bilmesem näme?!

Ne-hä sag, ne-de däli men,
Seri dumandan doly men.
Günde düýş görýän ýaly men,
Aýňalyp bilmesem näme?!

Unudyp hasrat, gaýgymy,
Belentde saklap söýgimi,
Ýüregme üýşen duýgymy
Ýaýradyp bilmesem näme?!