Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim ulgamyny ösdürmegiň rowana ýolunda
  08.09.2023
311
Bilim ulgamyny ösdürmegiň rowana ýolunda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly ýeňişler, belent sepgitler, ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky şeýle beýik özgertmeler, täze gurulýan obalardyr şäherler, ýaşaýyş toplumlary jemgyýetimiziň kämillige tarap özgermegine, merdana halkymyzyň täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmagyna uly itergi berýär. Munuň özi eziz ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hataryna ymykly goşulýandygyny äşgär edýär.
 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeli ugurlaryny kesgitlemegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagyny ösdürmek babatdaky wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak we durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenilýär.
 

 

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň makroykdysady durnuklylygyny berkitmek we ykdysady kuwwatyny artdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini çaltlandyrmak, maliýe bazaryny ösdürmek, pul serişdeleriniň gelmegi, gymmatly kagyzlaryň dolanyşygy ulgamyndaky işi kämilleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen birlikde, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, innowasion senagaty ösdürmäge, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamynyň jemi içerki önümiň düzümindäki paýyny artdyrmaga, önümçiligiň we ylmyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

 


Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň biri bolan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak möhüm ugur hökmünde kesgitlenen.

 


Ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
 

 

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä derejesine laýyk gelýän orta bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň binalarynyň onlarçasy gurlup ulanmaga berilýär. Olar döwrebap multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimize ösüp gelýän ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarys we Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
 

Uzukjemal GÖKIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
öwreniji mugallymy.