logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦
Home / Science and Education /Bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar
  14.10.2023
785
Bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir.

 

 

Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, döwletiň geljegi, jemgyýetiň ösüş tapgyrlary köp babatda ylymly, bilimli ýaş nesillere baglydyr.

 

 

Okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň döredilmegi ýaşlaryň ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmegine, gözýetimini giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmany döretmäge giň ýol açdy. Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa Watanymyzyň ylymda we bilimde gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne görkezmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ýaş nesillerimizi ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşap, olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy
aýdýarys.

Gülälek REJEPOWA,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyñ Diller

kafedrasynyñ mugallymy-öwreniji.