logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Science and Education /Bilim kämil geljegiň binýady
  16.10.2023
755
Bilim kämil geljegiň binýady

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym – bilim ulgamy barha ösüşlere beslenýär. Ata – babalarymyz öňki döwürlerden bäri sowatly bolmak üçin, ýaşlary terbiýelemek üçin alada edipdirler. Sebäbi bilim beýik geljegi gurmagyň kämil guralydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň okap bilim almaklary üçin häzirki wagtda ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilen.

 

 

Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, döwrüň talabyna laýyklykda, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugrda düýpli maýa goýum işleri gönükdirilýär. Bilim ojaklary ylmyň iň soňky gazananlary, interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalary bilen doly derejede üpjün edilýär.

 

 

Ýaşlar ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiýadalara gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Galybersede ýaşlaryň bilim almaklary üçin daşary ýurt uniwersitetlerinde talyp haklary bilen okamaga hem döwletimiz tarapyndan mümkinçilikler döredilendir.

 

 

Türkmen ýaşlary islendik döwürde hem ylma, bilime yhlasly ýapyşýandyklary bilen aýratyn tapawutlanypdyrlar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz!» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri hem äşgär edýär.

 

 

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň geljegi bolan ýaşlara aýratyn üns berip, uly ynam bildirmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, olar üçin täze mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň döredilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy ýaşlar syýasatynyň döwlet we halkara derejesinde dabaralanýandygy ýurdumyzda bilim ulgamyna aýratyn üns berilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmak biz ýaş nesilleriň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

 

Hangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyñ Maglumat
tehnologiýalar we programmirleme
fakultetiniň II ýyl talyby.