Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmaklygy babatda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, hünär öwrenýän ýaşlar bilim-sowatda, saýlap alan kesbi-kärlerinde ökde hünärmenler bolup, mähriban Watanymyzyň at-abraýyny ýokary galdyrmakda özlerine bildirilýän ynamy, edilýän tamany doly ödeýärler.
Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň binýadydygyny belläp, täze taryhy eýýamda kämil innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtaýar. Şunda biz öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýarys. Biz olary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp hem-de şeýlelikde, özümiziň ykdysady, syýasy, medeni we bilim kuwwatymyzy artdyryp, eziz Watanymyzy okgunly ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys. Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri — täzeçe pikir edýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki Türkmenistanda amala aşyrylýan bilim syýasatynyň esasy maksady bilimiň hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekden, ýurdumyzyň her bir raýatynyň özüniň ukybyny we zehinini doly ýüze çykaryp bilmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň, orta we ýörite okuw mekdepleriniň binalarynyň gurluşygy dowam edýär. Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy irki döwürde çagalaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge, geljek ýyllarda çagalardan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli mugallymçylygyň baý tejribesine daýanyp, olary göwnejaý terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Bilim edaralarynyň okuw-gollanma üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny çap etmek boýunça uly işler geçirilýär. Bu diňe bir ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin okuw binýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin esasdyr. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak baradaky wezipeler ýurdumyzda himiýany, biologiýany we beýleki sapaklary çuňňur öwrenmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek baradaky çözgüt bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädim boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda biziň ýokary okuw mekdebimiziň döredilmegi hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hem-de innowasion ulgamynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär we döwletimiziň, ylmyň hem-de işewürligiň netijeli gatnaşyklary bilen bagly wezipeleri çözmäge ýardam edýär.
Şadurdy ARAZMUHAMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.